Iň soňky täzelenme bilen iPhone 13 120 Hz-ni doly goldap başlar Iň soňky iPhone 13 Pro we Pro Max -da 120Hz-a çenli täzeleniş tizligini goldaýan ProMotion displeýleri bar, ýöne bu görkezijini bary ýogy birnäçe programma üpjün edip biler. Esasan bular ulgam programmalary bolup durýar. Indiden beýläk iOS 15.4 bilen bilelikde 120 Hz-a goldawy iPhone -daky ähli programmalarda peýda bolýar. Häzirlikçe IOS 15.4 beta derejede hereket edýär. Apple -iň operasiýa ulgamynyň täze wersiýasynda animasiýalaryň sekuntda 60 kadrdan geçmeginiň öňüni alýan Core Animation näsazlygy düzedildi. Häzirlikçe ähli programmalaryň awtomatiki usulda sekuntda 120 kadrda işläp biljekdigini ýa-da işläp düzüjileriň ony gurnamak üçin kod bilen meşgul boljakdyklary entek belli däl.