Beýik Britaniýaly suratçy Riki Witullä, dronyň kömegi bilen Kornuollyň kenaryndaky  köp sanly delfin sürüsini surata düşürmek başartdy.

Bu jadyly görnüşlerde, haýwanlaryň mawy suwuň üstünden böwüsýändikleri we  wagtal-wagtal böküp suwuň ýüzüne çykýandyklary görkezilýär.  Suratçy delfinleri “tans jadygoýler” bilen deňeşdirdi.

“Meniň aýalym jaň edip, kenaryň golaýynda bir süri delfin bardygyny aýdanda, men işimi tamamlaýardym.  Başga işler bilen meşgul bolanlygym sebäpli bu hadysa asla garaşmaýardym.  Ýöne kameraly dronym bardy we şeýle owadanlygy surata düşmek gaty gowy bolar diýip pikir etdim “-diýip, Witulli Daily Mail gürrüň berdi.

Ýagşymyradowa Selbi. 
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.