Günüň gözýetimiň aňyrsynda ýitip barýan pursatynda peýda bolýan ýaşyl şöhle şeýle seýrek optiki hadysa bolup, uzak wagtlap toslamadan başga zat hasaplanmady.  Şeýle-de bolsa, biziň günlerimizde Ýer ýüzündäki adamlaryň köpüsinde kameraly telefonlaryň bar bolany sebäpli, bu “düşnüksiz hadysa” ýygy-ýygydan surata düşürilýär.

Birnäçe gün ozal ABŞ-ly suratçy Jeýms U.Ýang adaty bolmadyk üç gatly ýaşyl şöhläni surata düşürdi.  Surat Oregon ştatynyň Kennon-Biç şäherinde surata düşürildi.  Suratda, şöhle Ýuwaş ummanyň üstünde “asylyp” duran üç gorizontal zolaga bölünýär.

Şeýle optiki hadysa – suwuň üstünde bolýan gaty güýçli temperaturanyň üýtgemeginiň alamatydyr,gaty ýyly howanyň tolkunlary gaty sowuk howa tolkunlary bilen täsirleşende diýip,suratçy düşündirer.