6-njy noýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň gurluşygynyň barýan ýerine geldi.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň orunbasary D.Hudaýberdiýew paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde bina edilýän desgalar, olaryň gurluş we daşky bezeg aýratynlyklary barada gürüň berdiler.

Bellenilişi ýaly, bu taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde Magtymguly şaýolunyň ugrunda birnäçe durmuş maksatly binalar gurulýar. Gurluşygyň baş meýilnamasyna laýyklykda, şäheriň Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda 12 gatly 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy, 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň bolsa altysy gurulýar.

Şäheriň bu künjeginde bina edilýän desgalaryň gurluşygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul eden Kararyna laýyklykda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanyldy. Munuň özi türkmen telekeçileriniň häzirki zaman gurluşyklaryna işjeň gatnaşýandyklarynyň, has batyrgaý taslamalary ýerine ýetirmäge ukyplydyklarynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şäheri ösdürmegiň 16-njy nobatdakysynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşlygyň dowamynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşy Fransiýanyň belli «Buig-Batiman Internasional» kompaniýasynyň wekili milli Liderimize kompaniýanyň gurluşykçylaryna ynanylan binalarda alnyp barylýan işler, desgalaryň bezeg aýratynlyklary we olaryň gurluşygynda ulanylýan serişdeler barada hasabat berdi.