Düýn, 3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçiren mejlisinde, Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklary bolan gurluşyk-senagat we energetika toplumlaryny bar bolan mümkinçilikleri we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamalaryny nazara alyp, mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň, gurluşyklaryň depginini güýçlendirmek, ýerli çig mallaryň hasabyna öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet bermek tabşyryldy.

Şeýle hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan senagat we durmuş maksatly desgalardaky, awtoýollaryň gurluşygyndaky işleriň depginini ýokarlandyrmak, halkalaýyn energoulgamyň gurluşyklaryny dowam etmek, ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini köpeltmek, milli we halkara ähmiýetli möhüm taslamalary amala aşyrmak babatda anyk görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan “Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini döretmek hakyndaky” Permanyň hem-de “Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň meseleleri hakyndaky” Kararyň taslamalaryny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, olary sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamalarda kesgitlenen wezipeleri berjaý etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Yhlas Baýramow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 

Ýol gurluşygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.