“Hubble” kosmos teleskopy, Ýerden 17 million ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän NGC 1705 adaty bolmadyk geň galaktikany görkezdi.

NGC 1705 – Suratçy ýyldyzlar toplumynda ýerleşýän örän kiçijik galaktika, onuň nädogry şekilli bar, mundan başga-da ol ýaňy-ýakynda ýyldyzlaryň emele gelmesini we olaryň ýaýramasyny başdan geçirdi, netije-de älemde köp sanly täze ýyldyzlar peýda boldy. Teleskopyň web sahypasy bu galaktika barada “Bu kosmiki geňlik” diýip teswir berýär..

Astronomlaryň sözlerine görä, NGC 1705 we beýleki ownuk galaktikalara gözegçilik etmek örän möhümdir. Olar galaktikalaryň umumy ewolýusiýasy barada gymmatly maglumatlary berip bilerler. Adatça, şular ýaly jisimlerde wodoroddan ýa-da geliýden başga elementler gaty az we biziň älemimizdäki ilkinji galaktikalara meňzeýär diýip, hasaplanýar.