Awstraliýa ýok bolup barýan Uly Barýer rifini halas etmek üçin goşmaça bir milliard dollar (takmynan 700 million ABŞ-nyň dollar) sarp eder, bu ýere 64 müň adamlyk iş orunlary bagly bolup durýar diýip, ýurduň hökümeti yglan etdi.

Täze meýilnama 2050-nji ýyla çenli maýa goýumlarynyň üç milliard Awstraliýanyň dollary (2,1 milliard dollar ABŞ) artdyrylar diýip hasap edilýär. Awstraliýanyň premýer-ministri Skott Morrisonyň sözlerine görä, bu serişdeler suwuň hilini ýokarlandyrmak, okeanda eroziýa döremeginiň we hapalanmagynyň öňüni almak üçin ulanylar.

Uly barýer rifi Kwinslendiň kenary boýunça 2300 kilometre uzap gidýär. Okeanlarda suwuň gyzmagy merjenleriň ölümine sebäp bolup biler diýip hasaplanýar.