Marokkanyň häkimiýetleri koronawirus keseli bilen baglanyşykly ýagdaý sebäpli iki aýlyk arakesmeden soňra, 7-nji fewralda ýurduň howa giňişligini açýar diýip, MAP gullugy hökümetiň beren habaryna salgylanyö habar berýär.

Bu kararyň, ýörite iş toparynyň tekliplerine laýyklykda we epidemiologiki ýagdaýyň güýçlenmegini göz öňünde tutup kabul edilendigi, habarnamada aýdylýar.

Häzirki wagtda hünärmenler serhet nokatlarynda görüljek çäreleri gözden geçirýärler, bular bilen baglanyşykly jikme-jiklikler soňra yglan ediler.

29-njy noýabrdan başlap, täze “Omikron” ştammynyň ýaýramagy sebäpli Marokko gidýän we ondan göni gaýdýan ýolagçy gatnawlar togtadyldy. Bu çäklendirme birnäçe gezek uzaldyldy.