AnTuTu bençmark topary smartfonlaryň öndürijiligi boýunça 2022-nji ýylyň ýanwar aýy üçin özüniň iň soňky sanawyny çykardy. Snapdragon 8 Gen 1 prosessorynyň işe girizilmegi sebäpli ondaky güýç boýunça ýerleşiş üýtgedi.
Sanawda Qualcomm -yň soňky platformasy agdyklyk edýär. IQOO 9 smartfonlaryň tapgyry sanawyň öňdäki ýerlerini eýeledi. IQOO 9 Pro 1,020,974 bal bilen birinji ýeri eýeledi, iQOO 9 esasy modeli bolsa 1,020,156 bal bilen ikinji ýeri eýeledi. Üçünji ýeri Realme GT2 Pro, 1 000 641 bal bilen eýeledi. Şeýle hem ilkinji bäşlige OnePlus 10 Pro we Xiaomi 12 Pro girýär.
Snapdragon 888 Plus prosessorly smartfonlary iň soňdaky üç orunlary eýeledi. Şol sanda Black Shark 4S Pro, Red Magic 6S Pro we iQOO 8 Pro hem degişlidir. Şeýle-de bolsa, ýakyn wagtda bu modelleriň hem sanawdan çykjakdygyny çaklamalydyrys.