Lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, maşgala lukmany Sergeý Çudakow koronawirusyň “omikron” ştammy ýokaşanda nähili iýmitlenmelidigini gürrüň berdi.

Lukman käbir önümleri “sowuklama garşy” diýip atlandyrdy. Olara, çalt bişýän naharlaryň hemmesi, esasanam ýagda gowrulan kartoşkalar, sirke bilen garylan maýonezi, garylan süýjülikler (süýjüler, konditer önümleri, tortlar) degişlidir. Lukman, kesellän döwrüňizde şeýle önümler bilen iýmitlenmezligi maslahat berdi.

Lukmanyň sözlerine görä, süýji we turşumtyk miweleri, gök önümleriň ähli görnüşlerini, otlary, iýmişleriň dürli görnüşlerini iýmeklik has gowydyr. Iýmitlerimize zerdejik goşup bilersiňiz, ýöne gastrit ýa-da içegesinde ýiti sowuklamasy bolan adamlara zerdejigi iýmek bolmaýar.

Rejepow Berdi
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 118-nji toparynyň talyby