Adamlaryň köpüsi COVID-19 keselinden soň saç dökülmesini başdan geçirdi. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Wiktor Tutelýan saçyňyzyň düşmezligini we öňki galyňlygyny nädip gaýtaryp getirmelidigini maslahat berdi.
Tutelýan, bularyň hemmesiniň sebäbi witaminlerdedigini aýtdy. Şonuň üçin onuň sözlerine görä, B, D, A toparlaryndaky witaminleriniň kompleksini ýeterlik derejede kabul etmeli.
Has takyk aýdanymyzda, lukman, düzüminde sink köp bolanlygy sebäpli bagyr we deňiz önümlerini köp iýmegi maslahat berdi. Towuk we sygyryň bagryna aýratyn üns berilmelidir – olaryň düzüminde demir köp, bu bolsa saç dökülmeginiň öňüni almaga kömek edýär. Gök nohut, noýba we ysmanak ýaly gök önümleri hem ýatdan çykarmaly däldir diýip dietolg belleýär.
Onuň sözlerine görä, saç dökülmesiniň sebäbi kollagen ýetmezçiligi bolup biler. Şeýle-de bolsa, adam bedeninde bu belogy iýmitden alyp boljak mümkinçiligini berýän fermentler ýok, şonuň üçin ony öndürip biljek önümleri iýmegiň peýdasy bar diýip Tutelýan düşündirdi.