Bostonyň Dorçester etrabynyň Ron German atly ýaşaýjysy öýüniň golaýynda düşürilen wideo ýazgyny paýlaşdy. Wideo ýazgyda, tiz kömek ulagynyň öňüni bekleýän, ýabany hindi towuklarynyň ýolda haýallyk bilen ýöräp barýandygy görkezilýär. Sürüji dyngysyz sirenany we yşyk çyralaryny ýakýar, ýöne guşlar ol duýduryşlary äsgermezlik edip ýol ýol bermäge howlukmaýarlar.
Amerikaly ýaşaýjy, bu sebitdäki hindi towuklaryň sanynyň ep-esli artandygyny we ýabany guşlaryň ýerli ilat üçin köp kynçylyklary döredýändigini düşündirdi. Ol, öz öýünden uzak bolmadyk ýerde 30-dan gowrak ýabany hindi towugynyň höwürtgeleýändigini we olaryň daş-töwerekdäki pyýadalary hem-de awtoulaglary yzarlaýandygyny gürrüň berdi. Resmi maglumatlara görä, Massaçusets ştatynda bu guşlaryň 30- 35 müň töweregi ýaşaýar.