Adatça çybynlary üç zat – adamyň dem alyşy, deriniň ysy we bedeniniň gyzgynly özüne çekýär diýip hasaplanýandygyny alymlar aýdyňlaşdyrdylar. Häzirki wagtda bolsa, gözlegçiler dördünji faktory tapdylar – reňk. Çybynlar, esasanda gyzyl reňke biperwaý garamaýarlar bu gyzyl reňke boýalan eşik ýa-da islendik adamyň derisi bolup biler.
Alymlar muny Zika wirusyny, sary gyzzyrmany we beýleki keselleri göterýän çybynlaryň Aedes aegypti görnüşlerini synlanlarynda gördüler. Ylmy işiň awtorlary çybynlaryň golaýynda adamyň derinde bar bolan uçýan molekulalar we dürli reňkli zatlar bolan gaplary ýerleşdirdiler.
Ýakyn ýerlerde ys çeşmesi bolmadyk ýagdaýynda, haýsydyr bir zada mör-möjekler gyzyklanma bildirmeýändigi ýüze çykdy. Emma yslaryň peýda bolan badyna, çybynlar reňklere üns berip başladylar. Esasanam gyzyl, mämişi we gara reňkleri.