Adamlar köplenç iýmit iýýärler we saglyga ýaramaz täsir edýän endikleri edinýärler. Mýunhen Tehniki Uniwersitetiniň Öňüni alyş we sport lukmançylyk merkeziniň lukmançylyk müdiri Martin Halle gan damarlaryny ýok edýän dört faktorlary barada gürrüň berdi..

Hünärmeniň sözlerine görä, çilim çekmek, şeker, holesterin we ýokary gan basyş – bular dört sany hakyky damary ýok edijilerdir. Mysal üçin, nikotin damarlaryň daralmagyna sebäp bolýar, bu bolsa çilim çekýän adam bedeniň käbir ýerlerine gan üpjünçiliginde päsgelçiliklere duçar bolýandygyny aňladýar.

Gandaky şekeriň derejesiniň ýokarlanmagy hem şuňa meňzeş işleýär – ol gan damarlarynyň içki diwaryna zeper ýetirýär. Holesterin damar öýjükleriniň aşagynda saklanýar we wagtyň geçmegi bilen arteriýalarda gatap galýar.

Şeýle hem Halle, ýokary gan basyşynyň howplydygyny we hut şol sebäpden gan damarlary ýarylyp biler diýip,aýtdy.