Lukmanlaryň sözlerine görä, sagdyn durmuş ýörelgesine ýeterlik derejede geçmek üçin pes kaloriýaly, ýöne “öz” önümlerini tapmaly. Şeýle hem täze durmuş ýörelgesine kem-kemden ýuwaşlyk bilen geçmeli, düýbünden halamaýan zadyňyza çydam etmeli däl diýip, lukman belledi.
Eger-de gürrüň iýmit barada aýdylsa, endik eden önümlerimizden, şol bir bugda bişen ete geçmek kyn bolup biler. Munuň üçin iýmitimize işdäňi güýçlendirmeýän ysly goşundylary goşup bilersiňiz: burç, zenjefil we ş.m. Tagamy üçin hem ösümlikleri goşup bilersiňiz: kinza, reyhan.
Ýöne sagdyn durmuş ýörelgesi diňe bir iýmit däl, eýsem fiziki medeniýetdir. Şonuň üçin arassa howadaky fiziki işjeňlik has gowydyr. Pyýada ýöremekden başlap bilersiňiz, mysal üçin Skandinawiýa ýörüýşi, şol bir wagtyň özünde doly ukyňy almak zerurdyr.