Soňky ýyllarda menejmenti guramak sebitlerinde maksat boýunça dolandyrmak; maksatnama-maksat dolandyrylyşy; meseleler boýunça dolandyrmak; taslama menejmenti we ş.m ýaly ugurlara nazarýetçileriň we amalyçylaryň gyzyklanmalary artýar.

Kesgitleniş aýratynlyklaryna seretmezden olara çemeleşmegiň iň bolmanda bir umumy häsiýetlendirijisi ýagny maksada gönükdirilen dolandyrylyşy bardyr.

Häzirkizaman halkara tejribesinde agrosenagat önümçiliginiň ösmegi agrosenagat toplumynyň dolandyryş ulgamynyn täze hil ýagdaýlaryny aňladýan maksatlaýyn maksatnamalaryň giňden ýaýramagyna getirdi.

Önümçilik dolandyrylyşyna maksatnamalaýyn maksatly çemeleşmeler agrosenagat toplumynyň ösmeginiň meselelerini we maksatlaryny öz wagtynda, giňişliginde amal edýän ykdysady, tehnologik, guramaçylyk ylmy-tehniki we beýleki çärelerden durýandygyny bellemek gerek.

Şoňa görä dolandyryş maksady garaşylýan peýdaly netije ýaly dolandyryşyň ilkinji elementidir. Dolandyryşy maksat barada aýdyň we anyk bolmadyk düşünjeler bilen gurajak bolmak öz manysyny ýitirýär. Şonuň üçin agrosenagat toplumynyň netijelei ösmeginde, dolandyryş ulgamynda maksatlar toplumynyň kesgitlenmegi, olaryň bölekleri we derejeleri boýunça baglanylmagy hem-de anyklanylmagy merkezi meseledir.

Bu meseläni çözmegiň kynlygy agrosenagat toplumynyň düzümindäki pudaklaryda dolandyryş maksatlary deňölçegli bolmadyk, gapma-garşylykly häsiýetli, iňňän çylşyrymly içki arabaglanyşyklaryň bolmagydyr.

Häzirki şertlerde dolandyryş ulgamyny gurmagyň pudaklaýyn we sebit jähtleri agrosenagat toplumynyň ulgamyndaky aýratyn düzümleriň wezipeleriniň maksatlary saýlanyp alnanda köplenç ýalňyşlyklara getirýär.

Mysal üçin oba hojalyk önümlerini öndürmek göwrüminiň ýokarlandyrylmagy, degişlilikde agrosenagat toplumynyň ahyrky haryt görnüşdäki önümleriniň gos-göni artmagyny aňlatmaýar. Bu oba hojalyk onümleriniň 80 göteriminiň aralyk önum bolup, önümçilikde sarp etmek üçin peýdalanylýandygy bilen duşündirilýär.

Şonuň üçin oba hojalyk onümlerini öndürmegiň osüşi degişlilikde ambarlaryň we sowadyjylaryň göwrümleriniň, gaýtadan işleýän kärhanalaryň kuwwatlyklarynyň, harytlaryň lomaý we bölek satuwlarynyň amala aşyrylyş mümkinçilikleriniň giňemeginiň ösüşleri bilen baglydyr.

Şeýlelikde maksadyň döremegi nämeleriň barlygy bilen, näme bolmaly diýen düşünjeleri göz öňünde tutýar. Menejeriň esasy işjeňligi hem şu gapma-garşylygy çözmeklige gonükdirilýär.

Agrosenagat toplumynyň dolandyrylyşynda esasy maksat halky ýokary azyk önümleri bilen, senagaty bolsa oba hojalyk çig maly bilen üpjün edip, şonuň esasynda durmuş meselelerini çözmek we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak wezipeleridir. Bu wezipeler agrosenagat toplumyny dolandyrmagyň maksatlaýyn düzümini şeýle kesgitleyär.

  1. Oba hojalyk onümleriniň we azyk harytlarynyň öndürilişiniň göwrümleriniň durnukly we ygtybarly giňemegi hem-de olaryň hilleriniň ýokarlanmagy we görnuşleriniň artmagy.
    • Agrosenagat toplumynyň pudaklarynda bar bolan esasy goruň önümçilik kuwwatlyklarynyň, material, maliýe we zähmet serişdeleriniň şeýle hem maýa goýumlarynyň netijeli ulanylmagy.
    • Oba hojalyk onümlerini öndürmegiň görnüşleriniň artdyrylmagy.
    • Oba hojalyk önümlerini taýýarlamagyň göwrümleriniň artdyrylmagy.
    • Azyk senagaty pudagynyň önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmak.
    • Önümçilik infrastrukturasyny ösdürmek.
    • Material – tehniki binýady ösdýrmek.
  2. Ylmy – tehniki ilerlemäni tizleşdirmek.
    • Material-tehniki binýadyň ösüş depginlerini tizleşdirmek.
    • Himiýalaşdyrmagy ösdürmek.
    • Ylmy-tehniki ilerlemäniň depginlerini tizleşdirmegiň ykdysady guramaçylyk usullaryny kämilleşdirmek.
  3. Agrosenagat toplumlarynyň ulgamlarynda sarp ediş we alyş-çalyş, paýlamak döwürleriniň we önümçilik gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi.
    • Ylmy-tehniki ilerlemäniň we onuň durmuş – ykdysady täsirleriniň depginlerini tizleşdirmek.
    • Ykdysady ösüsiň durmuş sebäplerinin ýokarlanmagy we toparlaryň durmuş osüşleri.
    • Pudaklaryň, olaryň düzümindäki kärhanalaryň we guramalaryň döwrebap işlemegidir.

 Täze önümi işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak

Innowasion dolandyryş hojalyga ýolbaşçylyk etmegiň ýokary derejesi bilen tapawutlanyar. Onuň manysy   tablisada görkezilýär.

Innawasion dolandyryş

Onuň maksady hojalygyň işine täzelikleriň dürli görnüşlerini ornaşdyrmak bilen bagly bolup durýar.

Innowasion menejmente aşakdakylar girýär:

  1. Täze önümi işläp taýýarlamak we ony önümçilige ornaşdyrmak.
  2. Goýberilýän önümi kämilleşdirmek.
  3. Önümleriň adaty görnüşlerini öndürmegi ösdürmek.
  4. Önümiň könelen görnüşlerini önümçilikden aýyrmak.

Innowasion menejmenti amala aşyrmak şu  aşakdakylaryň üsti bilen ýerine ýetirilýär:

  1. Innawasion işiň meýilnamasyny we maksatnamasyny işläp düzmek;
  2. Täze önümiň ornaşdyrylyşynyň gidişine gözegçilik etmek.
  3. Täze önümleri döretmegiň taslamalaryna seretmek;
  4. Maksatnamany maliýe we maddy serişdeler bilen üpjün etmek;
  5. Hojalygy hunärli işgärler bilen upjün etmek;

Hojalyklarda täzelikleri ornaşdyrmagyň gidişi şeýle kesgitlenýär.

  1. Meseläniň täze tehniki çözgüdini tapmak;
  2. Ylmy-barlag işlerini işläp taýýarlamalary geçirmek;
  3. Önümiň köpçülikleýin öndürilmegini ýola goýmak;
  4. Täze harydy bazara ornaşdyrmak;
  5. Tehnologiýany hemişe kämilleşdirmek.

Täzelikçiligiň gidişiniň esasy döwürleri:

  1. Döwür.Gelýän täzelikleri ulgamlaşdyrmak.
  2. Bazardaky tehnologik üýtgemeler we marketing gulluklaryndan gelýän maglumatlary toplamak.
  3. Töwekgelçiligiň derejesini we möçberini kesgitlemek.
  4. Maksatlaýyn bazarlar üçin önümleri işläp taýýarlamak, mümkinçilikleri

II Döwür.

Täze önümiň ykdysady netijeliliginiň seljermesi.

  1. Önümi tehniki işläp taýýarlamak.
  2. Önümiň tehniki-ykdysady häsiýetnamalaryny kesgitlemek.
  3. Bazar islegine we satmagyň göwrümine baha bermek.
  4. Täze önüm üçinç ykdajylary kesgitlemek.
  5. Täze önümi özleşdirmegiň we bazara çykarmagyň möhletleri.

III Döwür. Täze önümi döretmek.

  1. Kärhanadaky bölümler boýunça täze önümiň ösüş maksatnamasyny düzmek.

Umuman aýdylanda täzelikçi ösüşiň gidişi aşakdakylary göz öňünde tutýar:

  1. Ỳokary derejede ýöriteleşdirilen bölümçeleriň döredilmegi.
  2. Täzelikçi işi sazlamak üçin merkezi gulluklary döretmek.
  3. Täze önümi işläp taýýarlamak boýunça taslama toparyny ýada merkezini guramaly.
  4. Ylmy-barlag, döredijilik işleri üçin ylmy merkezleri we barlaghanalary açmaly.
  5. Ỳörite höweslendiriji gaznalary döretmeli.
  6. Maslahat beriji kömegi guramaly.

Şeýle hem täzelikçi ösüşler üçin:

Ylmy-tehniki syýasaty işläp taýýarlamaly. Şeýlelikde täzelikçi dolandyryjylar önümçilige toplumlaýyn çemeleşmegiň usullaryny ele alýarlar. Bu öz gezeginde hojalygyň çäginde tehniki we beýleki ösüşleriň hem-de özgertmeleriň doly amala aşyrylmagyny üpjün edýär.

Nusgany taýýarlamak we tehniki synaglar. Harydyň görnüşini, haryt belgisini, bezelişini, gaplanyşyny, nyşan goýluşyny kesgitlemek.

IV Döwür. Önümi önümçilige ornaşdyrmak barada karar kabul etmek.

  1. Täjirçilik esaslandyrylyşy-satmagyň mukdary, önümiň girdejililigi we ş.m.
  2. Kärhananyň önümçilik mümkinçilikleri, bar bolan kuwwatlyklaryň ulanylyşy, serişdeler we hünärli işgärler bilen üpjünçiligi.
  3. Maliýe mümkinçilikleri – maliýeleşdyrmegyň umumy jemi, onuň çeşmeleri, peýda-zyýanyň garaşylýan netijeleri.
  4. Kadalaýjy görkezijiler, gabat gelişi, dürli ülňüler we ýurduň döwlet kadalary.
  5. Täzelik girizmäniň patent goragyny üpjün etmek.                      Türkmenistanyň innowasiýa syýasatynyň esasy mazmuny alymlar tarapyn-dan häzirki alnyp barylýan we geljekde berjaý edilmegi göz öňünde tutulýan ylmy işleriň dürli görnüşlerini höweslendirmekden, innowasion-tehnologik usullaryny önümçilige ornaşdyrmakdan, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekden ybaratdyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe täze sepgitlere ýetmekde we durmuşa ornaşdyrylýan, ylmy, bilimli, giň dünýägaraýyşly, berk bedenli, ruhubelent, sagdyn nesil ýetişdirmek ugrundaky tutumly işler alnyp barylýar.

Çemen ÇERKEZOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.