Ähli ösüşleriň gözbaşy ýurduň maliýe we ykdysadyýetinden başlanýandygyna günüň-günine hemmämiz şaýat bolýarys. Islendik ýurduň ykdysady ulgamlaryna ýokary derejede üns berilýän bolsa, diýmek, şol ýurt iň öňdebaryjy döwletleriň hataryndadyr diýip arkaýyn aýdyp bileris. Şu nukdaýnazardan ugur alanymyzda, Ýewraziýa giňişliginde mynasyp orun alan Türkmenistan döwletimiz bu günki gün ösüşli menzilleri külterleýär.
Soňky wagtlarda esasy halkara maliýe edaralarynyň berýän maglumatyna görä, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň kem-kemden ösüş ýoluna düşýändigi aýratyn bellärliklidir. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzda ykdysady ösüşiň ýeterlik derejede ýokary we durnukly bolmagy üpjün edilýär. Bu görkeziji geçen ýylyň netijeleri boýunça 6,2 göterimden ybarat boldy. Şoňa görä-de, milli Liderimiz ýurdumyzyň maliýe-ykdysadyýet toplumynyň düzümleriniň öňünde durýan anyk wezipeleri kesgitledi. Şunuň esasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» taslamasyny işläp taýýarlanmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň ähmiýetli wakasydyr. Täze eýýamyň buşlugy bolan bu Maksatnamada geljek 30 ýylda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmegi üpjün etmek maksady bilen, birnäçe wezipeleri ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň hataryna ykdysadyýetiň düzümlerini üýtgedip guramagy, dolandyryşyň täze, has netijeli usullaryny bazar ykdysadyýeti şertlerinde ornaşdyrmagy dowam etdirmek, makroykdysady we maliýe durnuklylygyny saklamak esasy orunda durýar. Mundan başga-da, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagyň, pudaklary, önümçilikleri döwrebaplaşdyrmagyň, innowasion tehnologiýalary we kuwwatlyklary doly ulanmagyň hasabyna senagat we nebitgaz pudaklaryny depginli ösdürmek, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmak, şol sanda wodorod energetikasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy öwrenmek ýaly döwrüň derwaýys meseleleri bu Maksatnamada mynasyp orun alýar. Şeýle-de daşky gurşawy goramak, «ýaşyl ykdysadyýet» syýasatyny alyp barmak, sanly ykdysadyýeti we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ykdysady-geografik ýerleşişiň amatlyklaryndan netijeli peýdalanyp, multimodal ulag geçelgelerini we ugurlaryny döretmek, ulag-logistika ulgamlarynyň ösmegi üçin amatly şertleri üpjün etmek, ýer-suw serişdelerini ýokary netijeli peýdalanmagyň, hasyllylygy ýokarlandyrmagyň, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerini öndürmegiň hasabyna azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, bäsdeşlige ukyply, eksporta niýetlenen we importyň ornuny tutýan önümçilikleri çalt depginlerde ösdürmek işleri wajyp derejede ähmiýet berilýän ugurlar hökmünde garalýar. Degişli resminamada şular bilen bir hatarda, amatly işewürlik gurşawyny kämilleşdirmegiň hasabyna kiçi we orta telekeçiligiň ornuny güýçlendirmek we jemi içerki önümde hususy bölegiň paýyny has-da ýokarlandyrmak, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň ösüşini işjeňleşdirmek, netijeli maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek, amatly şertlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek, milli ykdysadyýetimizi depginli, durnukly we toplumlaýyn ösdürmegiň hasabyna ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak wezipeleri bar. Ýakyn wagtda geçiriljek Halk Maslahatynda ara alyp maslahatlaşmaga hödürleniljek Milli maksatnamanyň her bir düzgüni ugurdaş düzümler tarapyndan içgin seljeriler. Munuň özi türkmeniň «Ýedi ölçäp bir kes» diýen paýhasa ýugrulan pendine esaslanýar. Mundan başga-da, «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagy ykdysady ulgamda alnyp barylýan işleriň üstüni ýetirýär.
Mähriban Watanymyzda maksatlary myrada, arzuwlary wysala gowuşdyrýan milli Liderimiziň ýurdumyzyň ýagty ertirlerini nazarlaýan maliýe we ykdysady ähmiýetli işleri «Halkyň Arkadagly zamanasynyň» zynatyna öwrülip, rowaçlyklara beslensin!
Yslam Tyllanurow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ uly mugallymy