Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda durmuş-ykdysady özgertmeler üstünlikli amala aşyryldy. Bu özgertmeler ýurdumyzyň bedew bady bilen öňe ilerlemegine, belent sepgitlere ýetmegine mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuş taýdan ösüşini, halkymyzyň bagtyýar ömür sürmeklerini, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň dowamly ýokarlandyrylmagyny nazarlaýan taslamalar ügiň gerim bilen dowam etdirilýär. Şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ençeme täze obalar, şäherdir etraplar, ýaşaýyş jaý toplumlary, mekdepdir çagalar baglary, döwrebap ýollar hem köprüler peýda bolýar. Öz gezeginde gurulýan bu desgalar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna, her ýylda on müňlerçe maşgalalaryň ýaşaýyş jaýllary bilen üpjün edilmegine, ýaş nesliň döwrüň iň kämil talaplaryna laýyk gelýän binalarda orta we ýokary bilim almaklaryna şert döredýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän şeýle ägirt uly taslamalaryň biri-de Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezidir.

Hormatly Prezidentimiziň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 18-nji ýanwarynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen üstünde tanyşmagy, özüniň degişli tabşyryklaryny bermegi bu uly taslamanyň hemişe döwlet derejesinde üns merkezinde saklanylýandygyna güwä geçýär. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde geçiren iş maslahatynda täze, döwrebap welaýat merkezinde bina edilýän desgalaryň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalaryň, nou-haularyň, sanly ulgamyň, öňdebaryjy tejribeleriň peýdalanylmalydygyny aýratyn nygtady. Ýeri gelende bellesek, bu taslamanyň birinji tapgyrynyň dowamynda jemgyýetçilik binalarynyň 11 sanysy, edara binalaryň 26 sanysy, bilim ojaklarynyň 19 sanysy, iki we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 258 sanysy gurlar. Şeýle-de bu ýerde 8 sany saglyk binasy, içerki we daşarky inžener binalarynyň 14-si bina ediler. Şulardan görnüşi ýaly, bu taslamanyň tamamlanmagy bilen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde döwrebap şäher ulgamy kemala geler. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň hut özüniň tabşyrygy boýunça, raýatlaryň rahat ýaşamaklary, medeniýetli dynç almaklary we netijeli zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikler dörediler. Munuň özi bolsa “Döwlet adam üçindir” diýen şygary baş ýörelgesi edinýän milli Liderimiziň saýasynda ilimiziň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygynyň subutnamasydyr.

Durdymuhammet BAÝMUHAMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 

Inžener mehanika fakultetiniň uly mugallymy.