Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ak şäherimiz Aşgabat gözümiziň alnynda täze keşbe getirildi. Amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy boýunça şäheriň dürli künjeklerinde täze-täze binalar toplumy döredildi. Olar ajaýyplygy we durmuş üçin niýetlenendigi bilen paýtagtymyza gelýän myhmanlaryň hakydasynda galýar.
Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň sahypalarynda mynasyp orun alan paýtagtymyzyň döwrebap we dünýäde deňi-taýy bolmadyk derejede gözel desgalarydyr binalary halkymyzyň ösüp gelýän ýaş nesliniň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin niýetlenilendir. Paýtagtymyzda gurlup, ulanylmaga berilýän şeýle ajaýyp desgalar diňe bir ulanyş aýratynlygy bilen däl, eýsem, gurluşy, daşky keşbi boýunça hem ýurdumyzyň gazananlaryny beýan edýän ajaýyplyklardyr. Bu gün Türkmenistanyň paýtagty, Aziýanyň merjen şäheri — Aşgabadymyzyň at-owazasy dünýä doldy.
2021-nji ýylyň 25-nji maýynda, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreleriň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Bu ägirt uly taslama durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň jemi 240-dan gowragyny öz içine alar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda düýbi tutulan bu ýaşaýyş jaý toplumynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen amala aşyrylýan hem-de merdana halkymyzyň agzybirlikli, yhlasly zähmeti bilen alnyp barylýan işleriň, ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmekde gazanylýan üstünlikleriň netijesinde Watanymyzyň has-da gülläp ösjekdigine, onuň şöhratly taryhyna şanly sahypalaryň ýazyljakdygyna aýdyň subutnamadyr. Munuň şeýledigine ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä laýyklykda geçirilýän işleriň «Aşgabat-siti» ýaşaýyş jaý toplumynda medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüniň tutulmagynyň mysalynda ýene-de bir gezek aýdyň göz ýetirdik.
Merdan Allagulyýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Inžener mehanika fakultetiniň mugallymy.

RU



