Häzir Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depgini barha artýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň derejesi hem barha ýokarlanýar.
Gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagy, bina edilýän dürli maksatly desgalaryň döwrebap enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň köpugurly kuwwata eýedigine şaýatlyk edýär. Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine 2019-njy ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda badalga berildi. Täze, döwrebap şäheriň gurulmagy hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady syýasatyny üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädimi alamatlandyrýar. Raýatlaryň abadan durmuşy üçin ähli zerur şertleri döretmek şol syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
«Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeden ugur alnyp, halkara ölçeglere kybap gelýän, iň täze tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen çagalar baglarydyr sagaldyş merkezleri, orta mekdepler yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda her bir maşgalanyň abadan durmuşda ýaşamagyna, ýaş nesilleriň milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy üçin bölünip berlen ýerler, şol sanda olaryň ekologik ýagdaýy, seýsmiki durnuklylygy hem-de beýleki degişli görkezijileri alymlar tarapyndan içgin öwrenildi. Bu ýerde dürli maksatly binalaryň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar.
Iri möçberli şähergurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi sebitleri senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, hususy ulgamy ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri çözmäge ýardam eder.
Şeýlelikde, nesip bolsa, ýakyn wagtda gözel Köpetdagyň eteginde ähli şertleri bolan, lowurdap duran täze, döwrebap ajaýyp şäher dörär. Ol bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň ösüşiniň nobatdaky aýdyň nyşany bolup, ähli türkmenistanlylaryň buýsanjyna öwrüler.
Maksat Işanow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.