2019-njy ýylyň 5-11-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti
Şanhaý şäherinde iş sapary bilen bolup, “Täze eýýamda bilelikdäki geljek” şygary
astynda geçýän 2-nji Hytaý halkara import sergisine gatnaşýar. Bu barada
Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
5-nji noýabrda serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Sergide HHR-yň Başlygy Si
Szinpin çykyş etdi. Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bolsa hormatly
myhman hökmünde sergä gatnaşdy.   
Bu çärä dünýäniň dürli sebitlerinden we 155 ýurdundan döwlet we hökümet
baştutanlary, şeýle-de 26 halkara gurama we 3890-dan gowrak kompaniýalar
gatnaşdy. Olar 64-den gowrak ýurduň ösüş sepgitlerini we üýtgeşik önümlerini
görkezýän söwda-maliýe goýum pawilýonlara aýlanyp gördüler. Gatnaşyjylaryň
24-si sergi meýdançasyna ilkinji gezek çykyş edýärler. 
Türkmenistanyň adyndan sergide, milli pawilýonymyza önümlerini çykaryp,
ministrliklerden we edaralardan, hususan-da, söwda, senagat we kommunikasiýa,
dokma, oba hojalyk pudaklaryndan, döwlet haryt-çig mal biržasyndan, logistika we
himiýa senagaty pudagyndan ybarat wekiliýet çykyş etdi.
Serginiň dowamynda umumy meýdany 136 inedördül metr bolan özboluşly,
döwrebap stilde gurnalan Türkmenistanyň milli pawilýonyna köpsanly myhman
gatnaşyp, ýurdumyzyň söwda-ykdysady, maliýe goýum we taryhy-medeni
kuwwaty bilen tanyşdylar.  
Serginiň çäklerinde milli sergä önümini çykaran Türkmenistanly telekeçiler
üçin geljekde hyzmatdaş bolup biljek hytaý kärdeşleri bilen duşuşyklar,
prezentasiýalar, maslahatlaşmalar gurnaldy. Bu bolsa iki ýurduň bazarynyň
tendensiýalary we talaplary baradaky giň düşünjäni almaga ýardam berdi, şeýle-de
işewürlik gatnaşyklary ösdürmäge goşmaça mümkinçilikler açdy.