Elbetde, sanlyja ýylyň dowamynda tanalmaz derejede özgeren Aşgabat bu gün dünýäniň iň gözel hem ýaşamak üçin amatly hasaplanýan şäherleri bilen bäsleşýär. Bu bolsa bütin dünýäniň ünsüni paýtagtymyza gönükdirýär. Ak mermere bürenen türkmen paýtagtynyň at-owazasy arşa galýar.
Gelejegiň şäheri hasaplanýan «Aşgabat-sitiniň» gurluşygyna badalga berilmegi hem ähli ýaşaýjylarymyz bilen birlikde, ýaşlaryň ösen dünýäniň döwrebap tehnologiýalarynyň esasynda ýaşamagy hem-de zähmet çekmegi babatda diýseň oýlanyşykly hem öňdengörüjilikli ädimdir. Şol bir wagtyň özünde bolsa kuwwatly döwletiň, ösen jemgyýetiň has-da uly ösüşlere barýan ýolunyň ähmiýetli menzillerini emele getirýär. Elbetde, Aşgabat hakynda söhbet edilende, ilki bilen, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamak üçin iň amatly hem ak mermere bürenen ajaýyp şäheriň gaýtalanmajak keşbi hakydaňda janlanýar. Arassa hem tekiz köçeleriň, bag-bakjalaryň, seýilgähleriň, ylym-bilim, medeniýet ojaklarynyň, ähli zerur şertleri özünde jemleýän sport zallarynyň, meýdançalaryň kaşaňlygy, gözelligi diňe şäheriň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, paýtagtyň durmuşynyň amatlyklarynyň üstüni ýetirýär. Gelejegiň şäheri bolan «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna badalga berilmegi bolsa ýurdumyzda şähergurluşyk ulgamynyň barha kämilleşdirilýändiginden hem-de ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň eşretli durmuşyna gönükdirilen tagallalardan nyşandyr.
Ýurdumyzda «akylly» ulgamlar eýýäm Aşgabadyň täze ýaşaýyş toplumlarynda giňden ornaşdyryldy. Ahal welaýatynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan täze edara ediş merkezi we paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde düýbi tutulan döwrebap ýaşaýyş toplumy — «Aşgabat-siti» ýaly taslamalar eziz Diýarymyzda «akylly şäher» konsepsiýasyna doly kybap gelýän ilkinji düzümler bolar. Şeýlelikde, adamlaryň bähbidine hyzmat edýän innowasion ulgamlar ýurdumyzda şäher gurluşygynyň durnukly ösmegi üçin tehnologik çemeleşmeleriň esasyny emele getirer.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bina edilen ak şäherimiz hemişe dünýäniň iň gözel şäherleriniň sanawyny bezesin! Bagt şäheri hasaplanýan Aşgabadyň abraý-mertebesi has-da belent bolsun! Arkadag Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, döwleti hemişe abadan bolsun!
Nuryagdyýew Perman
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby.

RU



