Ýurdumyzda durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy, ilatyň girdejileriniň yzygiderli ýokarlanmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli gowulanýandygyna şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda daşary söwda dolanyşygyny kämilleşdirmek, eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak babatynda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Bu ugurda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa we innowasiýa ýoly bilen ösdürmäge, maýa goýumlaryň möçberlerini artdyrmaga, täze döwrebap durmuş-önümçilik maksatly desgalary gurmaga, ähli pudaklary we ýurdumyzyň sebitlerini sazlaşykly ösdürmäge, ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatlylygyny pugtalandyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri döretmäge, hususy eýeçiligi giňişleýin ýaýbaňlandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öz beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň eksport kuwwatlylygyny artdyrmak we daşary söwda dolanyşygynyň deňagramlylygyny üpjün etmek häzirki döwrüň durmuş-ykdysady ösüşiniň wajyp ugruna öwrülýär. Sebäbi daşarky bazarlaryň islegleri ýurdumyzda döredilen we döredilýän önümçilik kuwwatlyklaryny doly derejelerde ulanmagyň, ýokary iş üpjünçiliginiň we durnukly ykdysady ösüşiň esasy girewi we şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary bilen işlenip taýýarlanan «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça döwlet Maksatnamasynda» we «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan kärhanalaryň gurluşyklary örän wajyp ähmiýete eýe bolýar. Bu işler BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşýar.
Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň ygtybarly ojagy bolan ýokary okuw mekdepleriň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. 2019 — 2025-nji ýyllarda milli bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde durýan wezipeler bilimde, ylymda we tehnikada gazanylan oňyn netijelere esaslanyp, milli bilim ulgamy kämil derejede ösdüriler. Ylymly, bilimli, zähmetsöýer, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlar terbiýelenip ýetişdirler. Öňdebaryjy innowasiýa tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylar.
Baýramow Remezan
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby.