Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji günlerinden, ýagny turuwbaşdan üstünliklere, täze ýeňişlere beslenýär. Taryhy ähmiýetli syýasy wakalaryň biri-de milli Liderimiziň 11-nji fewralda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň geçirilmegidir. Gahryman Arkadagymyz: «Biz Garaşsyz döwletimiziň ykbaly, nesillerimiziň geljegi üçin uly jogapkärçilik çekýäris. Şoňa görä-de, häzir biziň öňümizde şeýle uly wezipeler durýar: biz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemelidiris we düzmelidiris» diýip aýratyn nygtaýar. Bu bilen milli Liderimiz ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlaryň mynasyp durmuşda ýaşap, okap bilim dünýäsinde kämil şahsyýetlere öwrülmekleri üçin dynuwsyz alada edýär. Galyberse-de, ýaşlara döwlet işleriniň jogapkärli wezipelerinde hem uly ynam bildirýär. Munuň özi, ýaşlaryň ylym bilim güýjüni, hakykata geçirmegiň wagtynyň gelendiginiň subutnamasydyr.
Häzirki wagtda alnyp barylýan işleriň ählisi ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir işiň, kabul edilýän maksatnamalaryňdyr resminamalaryň hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp şygarynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagyna gönükdirilýändigini tassyklaýar.
Taryhy mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly öňe süren başlangyçlary esasynda, ýagny «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», «Ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny» we Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasyny tassyklamagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan has-da ýokary derejelere ýetmeginde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň yzygiderli ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýete eýedir. Maksatnamada geljek 30 ýylda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmegiň wezipeleri göz öňünde tutuldy.
Hormatly Prezidentimiz: «Biz ösüp gelýän ýaş nesle uly ynam bildirýäris! Biz hemişe ýurdumyzda eziz Watanymyza, ajaýyp tebigatymyza, dost-doganlyga, maşgala gymmatlyklaryna, zähmete, sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerine we bedenterbiýä söýgini döretmelidiris! Biziň çagalarymyz, agtyk-çowluklarymyz ýurdumyzyň we halkymyzyň geljegidir. Özünde ajaýyp sypatlary jemleýän adamy terbiýelemek diňe bir örän möhüm maksat däl-de, eýsem eziz Watanymyzyň gülläp ösmegini üpjün edýän zerur şertleriň hem biridir!» diýmek bilen, döwrebap nesli kemala getirmegiň halkymyz üçin ykbal kesgitleýji ähmiýetiniň bardygyna ýene-de bir gezek ünsi çekýär. Munuň özi biziň döwletimizde ýaşlar meselesine juda jogapkärçilikli çemeleşilýändiginiň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň baştutanlygynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň ýolunda döwlet tarapyndan ýaşlara goldaw bermegiň anyk ugurlarynyň ýola goýulmagy we bu ugurda geçirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi, ýaş maşgalalar üçin elýeterli nyrhlardan ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga döwlet tarapyndan goldaw bermek boýunça geçirilmeli işleriň kämilleşdirilmegi, çetki ýerlere işe iberilýän ýaş hünärmenleriň maşgalalaryny we beýleki ýaş maşgalalary ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň işlenip düzülmegi ýaly wezipeleri amala aşyrylýar.
Baýramow Remezan
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby.