Milli Liderimiziň şähergurluşyk syýasaty netijesinde baş şäherimiziň binagärlik keşbi has-da gözelleşip, gün-günden özgerýär. Owadanlygyň merkezi bolan paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň gurulmaga girişilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Aşgabat — ak geljegimiziň «akylly» şäheri. Häzirki wagtda mermer paýtagtymyzda döwlet Baştutanymyz «akylly» şäherler konsepsiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Muny, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde, ýagny geçen ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüniň tutulmagy hem doly derejede tassyklaýar. Şu jähetden hem biz üçin häzirki döwürde paýtagtymyz Aşgabat bütin dünýäde ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän ösen şäher hökmünde giňden tanalýandygyny aýtmak, aýtdyrmak örän buýsandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde baş şäherimizde amala aşyrylýan özgertmeler syýasaty paýtagtymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam berýär. Muňa mysal hökmünde Aşgabada Aziýanyň «merjen şäheri» diýen belent adyň dakylmagy-da doly şaýatlyk edýän bolsa gerek.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumyny «şäheriň içindäki şäher» diýip hem atlandyryp bolar. Umumy meýdany 744 gektara barabar bolan bu ägirt uly toplum dürli maksatly binalaryňdyr desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine alýar. «Smart sitiniň» — «akylly» şäheriň kämil nusgasy bolan toplumda ýaşamak, dynç almak, gezelenç üçin hemmetaraplaýyn zerur şertler bilen bilen üpjün edilendir. Şol bir wagtda innowasion mümkinçiliklerden giňden peýdalanmak bilen bagly ähli şertler hem göz öňünde tutulandygyny aýratyn bellemek gerek.

Bu ýerde düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna 1200 orunlyk dört sany çagalar bagy, 3000 orunlyk umumybilim berýän dört sany orta mekdep, Medeniýet öýi hem-de 5000 orunlyk stadionly sport toplumy bina edilýär. Toplumda kaşaň we has belent binalary — 12 — 35 gatly, 107 müňden gowrak ilata niýetlenen, 17 müň 836 öýli, sekiz görnüşli 180 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak meýilleşdirilýär. Munuň özi «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň häzirki zaman şähergurluşyk tejribesi esasynda döwrebap we ösen şäherleriň birine öwrüljekdigine aýdyň güwä geçýär.

«Aşgabat-sitiniň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, onda ähli durmuş amatlyklary, ekologiýa howpsuzlygynyň talaplary düýpli üpjün ediler we kämil «şäher içindäki şäher» kemala geler. Bu toplumyň gurluşygynda döwrebap pikirlenmegi başarýan hünärmenler tarapyndan şähergurluşygyň milli we dünýä tejribesiniň häzirki zaman usullary ulanylar. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Ak mermerli Aşgabat diňe bir owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäher bolmak bilen çäklenmän, eýsem, döwrebap megapolis hem bolmalydyr.

Şamyrat Begenjow

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň I ýyl talyby