Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütlere bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifinge ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Brifingiň dowamynda golaýda geçirilen möhüm syýasy wakalaryň döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň içeri ösüşi bilen baglylykda Türkmenistanyň halkara syýasatynyň ilerledilmeginde aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi. Şunda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň döwletimiziň, hususan-da, bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýaly esas goýujy ýörelgelerine laýyklykda durmuşa geçirilýändigi nygtaldy.