Germaniýanyň federal ýygnagy respublikanyň prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeri ikinji möhlete gaýtadan saýlady. Mejlis Germaniýanyň teleýaýlymlary tarapyndan ýaýlyma berildi.

Ýygnagyň – prezident saýlamak üçin ýygnanýan ýörite konstitusion edaranyň wekilleri 1 472 adam boldy, Ştaýnmaýer 1 045 ses aldy. Ilkibaşda uly partiýalaryň ählisi diýen ýaly onuň dalaşgärligini goldady.

“Germaniýa üçin alternatiwa” döwlet baştutany wezipesine Maks Otteni, Çep partiýa Gerhard Traberti, Erkin saýlawçylar Ştefani Gebaueri hödürledi. Ýerli synçylaryň ilkibaşda belleýişleri ýaly, olaryň ýeňiş gazanmaga mümkinçiligi ýokdy.