Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki dostlukly goňşy döwletiň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady, ruhy-medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny beýan etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga berýän ünsi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de kärdeşine berk jan saglyk, abadançylyk, işinde uly üstünlikler, Gazagystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.