Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary IX gurultaýy geçirildi. Ýurdumyzyň iri syýasy guramalarynyň biri bolan Demokratik partiýadan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgäri hödürlemek gurultaýyň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.

Foruma delegatlar bilen birlikde, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, 11-nji fewralda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda milli ruhly, döwrebap pikirlenýän ýaşlaryň, şol sanda ýaş ýolbaşçylaryň kemala gelendigi baradaky meselä aýratyn üns berdi. Ýurdumyzy mundan beýläk-de durnukly we durmuş-ykdysady taýdan hemmetaraplaýyn ösdürmekde, onuň dünýä giňişligindäki ornuny berkitmekde örän uly kesgitleýji ähmiýete eýedigi nazara alnyp, ýaşlara milli döwlet bähbitli jogapkärli işler ynanylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Mejlisiniň karary bilen, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek bellenildi. Kodeksiň bu maddasy saýlawlaryň möhletinden öň geçirilmegine degişlidir. Ýaýbaňlanan möwsümiň baş ýörelgesi türkmen jemgyýetinde onuň gadymy demokratik däplerini has-da pugtalandyrmagyň hökmany şerti hökmünde giň bäsdeşlik esasyndan ybaratdyr.

Häzirki forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowy dalaşgärlige hödürlemek baradaky teklibe garadylar.

Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedowyň ajaýyp ýolbaşçylyk we guramaçylyk häsiýetlerini bellediler. Ol agras hem-de islendik meselä seslenip bilýän, oňat hojalykçy we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdary bolan adam hökmünde kärdeşleriniň hormatyna mynasyp boldy.

Serdar Berdimuhamedow 2001-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini inžener-tehnolog hünäri boýunça tamamlady. Halkara gatnaşyklar boýunça hem hünärmen bolmak bilen, ol zähmet ýolunda Mejlisiň komitetiniň başlygy, daşary işler ministriniň orunbasary, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary, häkimi, senagat we gurluşyk önümçiligi ministri, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýaly wezipeleri eýeläp, dolandyryş işlerini alyp barmakda baý tejribe toplady.

Gurultaýa gatnaşyjylar ýolbaşçy wezipede bitiren hyzmatlaryny, iş tejribesini, belent işjeňlik hem-de ahlak häsiýetlerini belläp, ony ýurdumyzyň iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemek barada çözgüt kabul etdiler.

Çykyşlar tamamlanandan soň Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemegi makullamak baradaky kararyň taslamasy sese goýuldy hem-de biragyzdan kabul edildi.