Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň Konstitusiýasyna hem-de kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmek gün tertibiniň esasy meselesi boldy.

Mejlise Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň, onuň ýanynda döredilen iş toparynyň agzalary, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Mejlisiniň karary bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek bellenildi. Kodeksiň bu maddasy möhletinden öň saýlawlary geçirmek bilen baglanyşyklydyr.

Şeýlelikde, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar 2022-nji ýylyň 14-nji fewralyndan başlap, birnäçe tapgyrlary — dalaşgärleri hödürlemegi, olary hasaba almagy, saýlawçylar bilen duşuşyklary we beýlekileri öz içine alýan saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan edýär.

14-nji fewraldan syýasy partiýalar hem-de raýatlaryň teklipçiler toparlary ýokary döwlet wezipesine özleriniň dalaşgärlerini hödürlemek boýunça ýygnaklary geçirip başlarlar.