Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik wekili hanym Narine Saakýany kabul etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna garaldy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamada kesgitlenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna gönükdirilen bilelikdäki işleri dowam etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejä laýyk getiren ilkinji döwletleriň biridir.

Duşuşygyň dowamynda 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna laýyklykda, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, sanlylaşdyrmagyň, howanyň üýtgemegi, saglygy goraýyş, durmuş goraglylygy, adam hukuklary hem-de ençeme beýleki meseleleriň ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykarylandygy bellenildi.

Men bu ýerde mundan 10 ýyl ozal hem işläpdim we bu gün myhmansöýer Türkmenistana täze derejede, öýümize gelen ýaly duýgy bilen gaýdyp geldim diýip, diplomat nygtady hem-de milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.