Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen, ýurdumyzyň şu medeniýet işgärlerine «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakyldy.

Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň «Türkmen äheňleri» estrada-simfoniki orkestriniň ýokary derejeli sazandasy Serdar Amangeldiýewiç Haýdarowa,

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň çagalar we ýetginjekler bilen işleýän hünärmeni Aly Täçgulyýewiç Alyýewe,

Mary welaýatynyň Mary şäher Bagşylar öýüniň akkompaniatory Azat Amanmuhammedowiç Oramadowa.