Ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky alada Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Ylym-bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmäge, ata-babalarymyzyň mirasyny dünýä ýaýmaga hem-de geljekki nesillere ýetirmäge döwletimiz tarapyndan aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň geljegini has ösen derejä ýetirmek üçin ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, edep-ekramly bolmagyny gazanmak möhüm meseleleriň hatarynda goýulýar.
Ata-babalarymyz ýaş nesliň ylymly-bilimli bolmagy üçin bilim bermegiň nusgalyk ýoluny kemala getiripdirler. Kitap okamagy endik etdirmek esasy ugurlaryň biri bolupdyr. Gadymy halkymyzyň şöhratly taryhynda meşhur kitaplar, ajaýyp eserler köp bolup, nesilleriň terbiýesinde uly orun tutup, olar bahasyz hazyna, ummasyz baýlyk bolup durýar. Şu baýlyklary we hazynalary nesilleriň terbiýeçilik işlerinde giňden ulanmak olaryň dilewar, giň dünýägaraýyşly bolmaklaryna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamyny kämilleşdirmek, onuň işini täzeçe guramagyň hukuk binýadyny berkitmek babatda taýsyz tagallalary edýär. Her bir maşgalada kemala gelýän ýaş nesliň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, adamkärçilik, dogruçyllyk ýaly ýol-ýörelgeler esasynda ilhalar adamlar bolup ýetişmegini ündeýär.
“Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatynda 2020 — — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy” esasynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işi döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzda ähli bilim edaralary bilen bir hatarda mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilimiň hili yzygiderli kämilleşdirilýär.
Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär.
Döwrebap bilim-terbiýeli, ösen aň-düşünjeli, ukyp-başarnykly ýaşlary kemala getirmek, bilim ulgamyny kämilleşdirmek üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Işangulyýewa Enemjan,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

RU












