Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan özgertmeler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy gün-günden gülläp ösdürýär. Türkmenistan indi asudalygyň, rahatlygyň, päk zähmetiň mekany, beýleki döwletleri ylalaşdyryjy ýurt hökmünde äleme belli boldy.
Ýurduň milli ykdysadyýetiniň hususy bölegine goldaw bermek boýunça düýpli çäreler, «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» 2009-njy ýyldaky Kanunyň kabul edilmegi bilen başlandy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakyndaky» Kararyna laýyklykda, telekeçileriň ýeňillikli karzlar bilen üpjün edilmegi, ýerleriň 99 ýyllyk kärendesine berilmegi we oba hojalygynda geçirilýän beýik özgertmeleriň esasynda hususy telekeçilik çalt depginler bilen ösdürilýär. Bäsleşige ukyply, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny özünde jemleýän, çig maly gaýtadan işläp ýokary hilli taýýar önümleri öndürýän hususy senagat kärhanalary, zawodlar we fabrikler gurulýar.
Bazarlarymyzda telekeçileriň öndüren azyk önümleri, dürli miweleri, ter gök önümleri, umuman olaryň döredýän haryt bolçulygy halkyň islegini kanagatlandyrmaga ýardam berýär.
Häzirki wagtda telekeçilere döwlet tarapyndan yzygiderli berilýän goldawlaryň netijesinde, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly import harytlaryň ornuny tutýan ýerli harytlaryň önümçiligi giň gerim bilen ýola goýulýar. Şeýle hem Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasy durmuşa geçirilýär.
Dünýä döwletleri bilen söwda, maýa goýum hyzmatdaşlyklarynyň ösmegi, telekeçileriň ähli pudaklarda gazanýan üstünlikleri daşary söwdada oňyn aratapawudyň bolmagyny, jemi içerki önümiň durnukly ösüşini üpjün edýär.
Ýurdumyzda geçirilýän özgertmeleriň netijesinde, hususy telekeçiler sarp ediş bazarynda harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşini köpeltmäge, hilini ýokarlandyrmaga, söwda dolanyşygyny hem-de söwdanyň medeniýetini ösdürmäge ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän il-ýurt bähbitli içerki we daşarky parasatly syýasaty «Halkyň Arkadagly zamany» ýylynda hem milli ykdysadyýetimizi ösdürip, Watanymyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrýar.
Gurbanmämmedowa Altyn
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby.