Ertiriň bereketinden peýda görüň! Ir tur! Adamlaryň köpüsi ukydaka işe başlasaň, gün siziň üçin has uzyn bolar we beýlekilerden birnäçe ädim öñde bolarsyñyz.

Şu günki işiňizi ertire goýmaň! Aslynda, şu gün etjek zadyňyzy bitiren bolsaňyz, şu gün ertirki käbir işleri etmäge synanyşyň, ýöne howlukmaň!

Eliňizi we aňyňyzy bir wagtyň özünde ulanyň. Gysga ýollar diýip pikir edýän ýollaryňyz, başlanan ýeriňize gaýdyp biler. Bir işi tamamlamazdan ozal näme başlamalydygyňyzy kesgitläň. Gündelik we hepdelik meýilnama taýýarlap bilersiňiz.

Her gün bir gün öňünden ýerine ýetirjek meseleleriňizi çözüň we olaryň hersini ýerine ýetirmek üçin näçe wagt gerek boljakdygyna üns beriň. Akylly we çalt pikirlenýän bolup bilersiňiz. Emma şonda-da işiňizi iň soňky minuda goýmaň. Etmeli işiňiz kän diýip pikir edip bilersiňiz we hemmesini düzüp bilmersiňiz. Bu ýagdaýdan zeýrenmegiň ýerine derrew bir ýerden işe başlaň. Görersiňiz, hatda işe başlamak hem sizi begendirer.

Deňagramly iýmitlenmegi we maşk etmegi ýatdan çykarmaň.

Bedeniňiziň we aňyňyzyň çalt işlemegini isleseňiz, ilki bilen olary terbiýelemeli we yzygiderli türgenleşdirmeli. Ýeterlikli çalt hereket edip bilmeýän we pikirlenmekde we karar bermekde kynçylyk çekýän akyl olaryň işine päsgel berer we netijeliligini peselder.

Başgalaryna kömek ediň, mümkin boldugyça goldaw beriň.

Şeýle hem, ýykylan wagtyňyz olaryň goldawyna we kyn günlerde töweregiňizdäkileriň kömegine mätäç bolup bilersiňiz. Has köp okaň, has köp ýazyň, öňkiňizden has köp öwreniň. Her gün öňki günden öňe geçmäge, has gowy zatlar etmäge synanyşyň!

Aýnur SARYÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň II ýyl talyby.