Ýewropa komissiýasy çyrlaklardan taýýarlanan önümleri satmaga rugsat berdi. Olar dürli görnüşde satylar. Bu mör-möjekler etiň ekologiýa taýdan arassa ornuny tutujy hasaplanýar diýip, ferra.ru belleýär.

Çyrlaklardan taýýarlanan önümleri guradylan iýmit görnüşinde, doňdurylan görnüşde, şeýle-de toz görnüşinde satyn almak bolar. Şeýle önümlere allergik täsiriniň mümkindigi barada ýörite bellikler goýlar. Diňe bir çyrlaklar däl, umuman mör-möjekler belok düzümi ýokary bolan ýokumly iýmit hökmünde görülýär. Gözlegçileriň pikiriçe, ol önümçiligi daşky gurşaw üçin oňaýsyz bolan etiň ornuny tutýar. Maldarçylyk howa goýberilýän azot oksidiniň bug gazlarynyň zyňyndylarynyň esasy çeşmeleriniň biri hasaplanýar.

Öň, Iýmit önümleriniň howpsuzlygy boýunça umumy ýewropa agentligi nahar üçin sary gurçuklary ulanmaga rugsat berdi.