Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro ştatynyň golaýyndaky Petropolisde 15-nji fewralda çabga sebäpli güýçli suw joşmasy bolup geçdi. Dürli maglumatlara görä, pida bolanlaryň sany altydan 20 adam aralygynda üýtgeýär. Sebitleýin ösüş ministri Rožeriu Marinýu özüniň Twitter sahypasynda alty adamyň ölendigini habar berdi diýip, Day.Az belleýär.
“Petropolisde (Rio-de-Žaneýro ştaty) alty adamyň ýogalandygyna gynanýarys. Şäher güýçli ýagşyň netijesinde zyýan çekdi: soňky dört sagatda 200 mm-den gowrak ýagyn ýagdy, bu hem derýalaryň kenardan çykmagyna getirdi. 52 ýerde süýşgün hasaba alyndy” – diýip, ol belledi.
Globo teleýaýlymynyň maglumatlaryna görä, şäherde ýagyn ýagyp başlanyndan alty sagadyň dowamynda aýlyk normasyndan hem köp ýagyn ýagdy. Rio-de-Žaneýro ştatynyň gubernatory Klaudiu Kastrunyň habar berşi ýaly, tebigy betbagtçylygyň netijelerini ýok etmegiň üstünde 120 halasgär işleýär we goşmaça 60 adam hem iberildi.