Victoria’s Secret içki geýim brendi täze The Love Cloud kolleksiýasyny çykardy. Onuň inklýuziw mahabat kampaniýasyna top-modeller bilen bir hatarda maýyplygy we ösüş taýdan kemçiligi bolan gyzlar, şeýle-de professional däl modeller gatnaşdy. Suratlar Vogue žurnaly tarapyndan neşir edildi.
Puertorikaly Sofiýa Jirau brendiň taryhynda Dauna sindromly ilkinji model boldy. Surata düşürme işlerine plýus-saýz-model Paloma Elsesser, şeýle-de 2021-nji ýylyň oktýabrynda Vogue rus žurnalynyň daşynda ilkinji gyz bolan Jill Kortlew gatnaşdy.
2010-njy ýyllaryň ahyryndan bäri birnäçe dawalardan soň Victoria’s Secret brendi satuwyň pese gaçmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Dawalardan we girdejisiniň bir bölegini ýitirenden soň brend has inklýuziw görkezmä ünsi jemledi.