Kembrij uniwersitetiniň alymlary giň gerimli barlag işlerini geçirdiler, onda olar adamyň häsiýeti bilen halaýan sazynyň arasyndaky baglanyşygy kesgitlediler.

Barlaglara 6 dürli yklymda ýaşaýan, dünýäniň 50 sany döwletinden 350 müňden gowrak adam gatnaşdy. Dürli ýaşdaky, jynsdaky we jemgyýetçilik ýagdaýyndaky meýletinçiler, häsiýet aýratynlyklary barada sowalnamalary doldurdylar we halaýan aýdym-sazlarynyň žanrlaryny we podžanrlaryny bellediler. Şeýle hem, olar dürli aýdymlardan gysga bölekleri diňlediler we isleglerine görä baha berdiler.

Barlaglaryň netijesinde alymlar gyzykly netijä geldiler. Pozitiw we optimistik tans äheňli aýdym-sazlary esasanda aragatnaşygy we oňyn duýgulary halaýan alçak adamlar diňleýär. Tertip-düzgüne we adalatlylyga ýykgyn, ak ýürekli hem-de jogapkärçilikli adamlar klassyky we rahatlandyryjy aýdymlary has köp diňleýärler.

Emma newroz ýagdaýdaky adamlar aýdym-saz isleglerine görä iki topara bölünýär: käbirleri göwün açmak üçin ýumşak položitel aýdymlary diňleýärler, beýlekiler bolsa agressiw rok saýlaýarlar.