Antarktidada bary ýogy iki sany gülli ösümlik ösýär, ýöne soňky ýyllarda olar köp ýaýradylar we bu görnüş alymlary alada goýup başlady.

Biz Antarktida çemenlik otlary (Deschampsia antarctica) we kito kolobantus (Colobanthus quoteensis) hakda aýdýarys – şeýle göräýmäge gaty gowşak ösümlik bolup bu sowuk kontinentiň daşlaryň arasynda ösýär diýip, Guardian ýazýar.

Günorta Orkneý adalarynda ýerleşýän Signy adasynda işleýän gözlegçileriň sözlerine görä, bu iki gül 2009-njy ýyldan bäri öňki 50 ýyl bilen deňeşdirilende has köp ýaýrady. Arktika çemenlik otlary akyky çempion boldy – ol 5 esse çalt ösdi.

Bu garaşylmadyk ýagdaý howanyň temperaturasynyň çalt ýokarlanmagyna we adatça bu ösümlikleri depeleýän deňiz pişikleriniň azalan wagtyna gabat geldi. Soňky on ýylda adadaky tomus aýlary ortaça 0,27 gradus Selsiýa yssy boldy.