20-nji fewraldan başlap, syýahatçylar pandemiýadan öň bolşy ýaly synaglar we şahadatnamalar bolmazdan Bahreýn döwletine gelip bilerler diýip, ATOR habar berýär.

Patyşalygyň häkimiýetleri gelýän myhmanlar üçin howa menzilinde geçirilýän PSR barlaglaryny we on günlük karantini berjaý etmek zerurlygyny ýatyrdy hatda bu sanjym edilmedik myhmanlara hem degişlidir.

Şeýle etmek bilen, Bahreýn Norwegiýanyň ýolundan gitdi: giriş üçin ähli lukmançylyk resminamalaryny ýatyrdy. Ýakyn Gündogaryň bu ýurduna baryp görmek üçin diňe uçar petegini satyn almaly we gelen badyňyza bahasy bäş dinar (15 dollar) bolan wiza almaly.

Syýahatçylyk boýunça operatorlaryň pikiriçe, sanitariýa talaplarynyň ýatyrylmagy, bu ýere gelmek üçin gyzyklanmanyň artmagyna sebäp bolar. Şeýle hem, mart aýynda Formula 1 ýaryşlarynyň bir tapgyry geçiriler, Erik Kleptonyň konserti bolar. Mundan başga-da, ýaz aýlary patyşalygyň kenar ýakasynda dynç almak üçin iň amatly wagtdyr.