BBC Science Focus Magazine žurnalynyň hünärmeni düşündirýär.Awtor betonyň hakykatdanam gaýtadan işlenip bilinjekdigini belleýär. Ýöne käbir ýagdaýlarda – doly ýagdaýda däl. Munuň üçin ony owradýarlar, soňra bolsa onuň düzüminde bar bolan gerek däl materiallary aýyrýarlar. Ondan soň emele gelen madda gaýtadan ulanyp bolar: mysal üçin täze ýollar döretmek üçin.

Şol bir wagtyň özünde betony gaýtadan işlemek käwaglar kyn bolýar. Mysal üçin, onuň düzüminde köp mukdarda daşky gurşawy hapalaýan maddalar bar bolanda. Ýöne her niçigem bolsa hökmany ýagdaýda synyşyp görmeli, sebäbi bir tonna betony gaýtadan işlemek 6,182 litr suw tygşytlaýar we 900 kg kömürturşy gazynyň öndürilmeginiň öňüni alýar.

Betonyň has innowasiýon görnüşleri hem bar. Olardan birini Tokio uniwersitetiniň alymlary teklip etdiler. Şeýle material kalsiý karbonatdan ýasalýar. Hünärmenler taşlanan beton gurluşlardan kalsiý çykarýarlar we ony kömürturşy gazy bilen birleşdirýärler.