Lankaster (Beýik Britaniýa) we Kaliforniýa (ABŞ) uniwersitetleriniň barlagçylar topary soňky ylmy işleriniň netijelerini çap etdiler. Olar neýroset tarapyndan “oýlanyp tapylan” adamlaryň ýüzleriniň näderejede hakyka meňzeşdigini barladylar.
Emeli intellektiň, beýleki adamlaryň görüşine görä hakyky adam ýüzlerinden has meňzeş görünýän ýüzleri döretmäge ukyplydygy ýüze çykdy. Bu, 315, 219 we 223 gatnaşyjynyň gatnaşmagynda geçirilen üç sany synagyndan soň belli boldy.
Respondentlere berilen üç sany soragnamalaryň netijesine esaslanyp, alymlar şeýle netijä geldiler ýagny, hakyky adam ýüzleriniň ortaça baly neýroset tarapyndan döredilen we sintezlenen görkezijilerden 4,48 pes. Şeýlelik bilen, barlaga gatnaşyjylar ýok adamlara 7,7 % has köp ynandylar.
Gyzykly tarapy hem, zenanlaryň ýüz keşbi bolan suratlar, erkekleriň ýüz keşbi bolan suratlara garanyňda gatnaşyjylarda has köp ynam döretdi.