Psiholog Marina Gladyşewa adamlaryň näme üçin stres wagtynda köp iýip başlaýandyklaryny düşündirdi.
Onuň sözlerine görä, adamlar gaharlanyp başlanlarynda, esasy zerurlyklaryny ýapýarlar. Muny koronawirus pandemiýasy görkezdi – adamlar howp duýgusy sebäpli köpçülikleýin azyk önümlerini satyn alyp başladylar.
Psiholog, aşa köp iýmit iýmek çagalykdan gelýän mesele bolup biler, egerde ene-atalar doýan ýagdaýyňyzda-da naharyňyzy iýip gutarmalydygyna ynandyran bolsa diýip, belleýär.
Gladyşewa uly ýaşly aýallara hem degip geçdi. Onuň pikiriçe, garry aýallar durmuşdan nägile bolanda we ony gyzyksyz hasaplaýan ýagdaýlarynda köp iýip başlaýarlar. Esasanam şeýle ýagdaýlarda süýjilikler meşhurdyr. Şeýle etmek bilen, adam öz durmuşyny üýtgetmäge synanyşýar.
Şol bir wagtyň özünde, psiholog şatlygy has güýçlendirmek üçin şatlykly, ýakymly esaslarda hem köp iýip başlanyp biler diýip hasaplaýar.