22-nji fewralda Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygy Agrar partiýanyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy A.Mämedow açdy. Soňra dalaşgäriň ynanylan wekili — Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary T.Bäşimow ýygnananlary hünäri boýunça inžener-gurluşykçy bolan A.Bekmyradowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy. Ony jemgyýetçilik guramalarynda hem-de ýerli dolandyryş häkimiýet edaralarynda işläp, ýeterlik tejribe toplan ýaş, başarjaň ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär A.Bekmyradow çykyş edip, özüniň ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge, iri möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň hasabyna, ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Dalaşgäriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynda durmuş ähmiýetli wezipeler, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmek boýunça çäreler aýratyn orun eýeleýär.