22-nji fewralda Daşoguzda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň wekili B.Piriýew duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekili — “Ynsan kalby” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy A.Söýünowa söz berdi. Ol ýygnananlary B.Meredowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy. A.Söýünow dalaşgäriň işeňňirligini, tabşyrylan işe örän jogapkärli çemeleşýändigini, ýolbaşçy wezipede toplan tejribesini, belent adamkärçiligini, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýändigini belläp, ähli saýlawçylary saýlawlara işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäre söz berildi. Ol ýygnananlara bu duşuşyga gyzyklanma bildirendikleri üçin hoşallygyny beýan edip, özüniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Olaryň hatarynda kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmäge, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga yzygiderli gönükdirmek ýaly wezipeler bar.