Saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyry — Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Dalaşgärler ýurdumyzyň welaýatlaryna baryp, wagyz işlerini geçirmek üçin, Saýlaw kodeksine laýyklykda, özlerine berlen deň hukuklardan we mümkinçiliklerden peýdalanýarlar hem-de saýlawçylaryň öňünde çykyş edýärler. Munuň özi demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagynyň aýdyň subutnamasydyr.

24-nji fewralda Lebap welaýat häkimliginiň maslahatlar zalynda Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hödürlenen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy. Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär bilen duşuşyga kärhanalaryň zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ekerançylar, hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär çykyş edip, bildirilen ýokary ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de bu ýere ýygnananlary iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy. Ýurdumyzda başy başlanan we ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri dowam etdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär ykdysadyýetiň gazhimiýa böleginiň pudagyň ägirt uly serişde mümkinçiliklerini rejeli peýdalanmagyň hasabyna toplumlaýyn ösdürilmegini, welaýatda täze ugurdaş senagat kärhanalarynyň gurulmagyny geljegi nazarlaýan özgertmeleriň hatarynda görkezdi. Şeýle hem gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen sebitiň döwrebap ulag ulgamyny we gurluşyk pudagyny kemala getirmäge uly üns berler.

Welaýatyň ulag ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ýaşaýyş toplumlaryny, täze obalary, döwrebap bilim we saglygy goraýyş edaralaryny, dürli düzümleýin desgalary gurmak möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi.

Netijeli geçen duşuşygyň dowamynda dalaşgär oňa gatnaşyjylaryň sowallaryna jogap berdi hem-de maksatnamasynyň oba hojalygyny, kiçi we orta telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň hasabyna işewürligi ösdürmegiň, gurluşyk toplumyny kämilleşdirmegiň, täze iş orunlaryny döretmegiň geljekki ugurlaryna degişli bölümlerini beýan etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşyjylara hoşallyk bildirip, iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan halatynda, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy.

Annageldi Bäşimow

Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň 

Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymy.