Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ýurtda kabul edilen «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda, wideoaragatnaşyk arkaly ylmy-usuly okuw sapagy geçirildi.
Bu çärä Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň mugallymlary gatnaşdylar. Onuň gün tertibine we maksatnamasyna daşary ýurt dillerini okatmakda özara metodik we tehniki tejribeleri alyşmak ýaly işler girizildi.
Aýratyn-da, onda hünärler boýunça daşary ýurt dillerini öwrenmek meselelerine, ýagny talyplaryň sözlük düzümini tehniki adalgalar bilen baýlaşdyrmagynyň usullaryna uly üns berildi. Rus we iňlis dillerindäki tekstleriň tehniki terjime edilişine degişli mysallar maslahatlaşyldy.
Dil öwrenmegiň usullaryny özünde jemlän çärede mugallymçylyk tejribesinde daşary ýurt dilini öwretmek bilen baglylykda, interaktiw multimediýa enjamlaryny we beýleki sanly bilim tehnologiýalaryny işjeň ulanmak bilen bagly aýratynlyklara hem seredildi.
Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek we elektron serişdeleri ulanmak arkaly okuw usulyýetlerini hem-de bilim maksatnamalaryny özgertmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryny sanly ulgama toplumlaýyn geçirmek bilen baglylykda, “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy” hem-de “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy” kabul edildi. Bu strategik ähmiýetli maksatnamalaryň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ylym ulgamyny täze belentliklere çykarar. IT-tehnologiýalary netijeli, durnukly hem-de özüni ödeýän sanly bilimi ösdürmäge, täze tehnologiýalary giňden ulanmaga, ylym-bilimiň we önümçiligiň arasyndaky baglanyşygy has-da işjeňleşdirmäge ýardam eder. Gözümiziň görejine deňelýän eziz Watanymyzy geljekde hem ösdürmekde taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun!
Allanur Amanow
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.