Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli pähim-parasatly ýolbaşçylygynda pederlerimizden nesillerimize miras galan binagärlik senedimiz kämillik derejesine ýetdi. Hut şonuň esasynda, ak mermerli paýtagtymyz eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň başyny çekýär. Aşgabat şäherimiz özüniň ajaýyp keşbi, owadanlygy bilen Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik-şähergurluşyk sungatynyň göwher gaşyna öwrüldi.

Paýtagt şäherimiziň senagaty Garaşsyzlyk ýyllarynda düýpgöter özgerdi. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwürinde paýtagtymyz senagat we ykdysady taýdan ösen şäherleriň birine öwrüldi. 2007-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy sebitde bar bolan meseleleri hyzmatdaşlyk esasynda çözmeklige täze itergi berdi. Şeýle-de paýtagtymyzda bina edilýän döwrebap binalar hem görenleri haýran edýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi gurlup, onda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň zehini siňen baş şäherimiziň binagärliginde özboluşly milli aýratynlyk aýdyň duýulýar. Paýtagtymyzyň häzirkizaman binagärlik keşbi dünýä gymmatlyklarynyň arasynda mynasyp orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, gurlan medeni-durmuş maksatly binalar, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary, dürli görnüşli suw çüwdürimli owadan seýilgähler, ýadygärlikler toplumlary, ajaýyp heýkeller paýtagtymyza aýratyn görk berýär. Ak mermere beslenen gözel paýtagtymyzyň owadan binalary ak arzuwlarymyz kimin çar tarapa şöhle saçýar. Aşgabat şäherimiz ak mermere beslenen şäher hökmünde hem-de onuň owadan desgalarynyň ençemesi Ginnesiň rekordlar kitabyndan hem mynasyp orun aldy. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan myhman bolup gelýänler ak şäherimiziň milli binagärlik keşbine, taýsyz gözelligine haýran galýarlar.

Geldimyradowa Güldesse,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk unwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Kinologiýa taýarlyk ugrynyñ 2-nji ýyl talyby.