Her bir güni toý-baýramlara, beýik ösüşlere beslenýän eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň üstümizdäki duran täze ýylymyzy “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrmagy hem ýöne ýere däldir. Çünki, ýurdumyzdaky ähli babatdaky gazanylýan beýik üstünlikleriň başynda Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary we belent maksatlary nazarlaýan birnäçe ýyllyk meýilnamalary ýatyr.

Ýakynda ýurdumyzda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde hem şeýle maksatnamalar we täze özgertmeleri öz içine alýan birnäçe meýilnamalaýyn işler baradaky oňyn pikirler ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda hormatly Prezidentimiziň:“Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen şu ýylda geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisi Watanymyzyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar. Şu forumda ýurdumyzy geljek 30 ýyllyk döwür üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň esasynda, giň gerimli özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berler” diýip belläp geçmegi hem ony has-da aýdyňlaşdyrýar. Şoňa laýyklykda kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” öz içine alýan beýik işleri halkymyz tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Maksatnamada mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň geljekki 30 ýyl üçin möhüm wezipeleri kesgitlenildi.

Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda üstünlikli geçen 2021-nji ýylda alnyp barlan işler, gazanylan beýik üstünlikler we şonuň esasynda hem geljekki 30 ýyla niýetlenen maksatnamanyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu maksatnamada «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we sebitlerini kadaly we toplumlaýyn ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak hem-de durmuş ugurly syýasaty durmuşa geçirmek bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem resminamada şu ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary, ýerine ýetirilmeli işler, çäreler, welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijileri anyk kesgitlenildi. Şeýle hem maksatnamanyň düzüminde zawodlary we fabrikleri, hassahanalary, saglyk öýlerini we merkezlerini, mekdebe çenli çagalar edaralaryny, mekdepleri, medeniýet öýlerini, dolandyryş merkezini, täze şäherçeleri we ýaşaýyş toplumlaryny gurmak hem-de olaryň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar. Geljek ýyllar üçin niýetlenen şeýle meýilnamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň halkara taslamasyny tamamlamak boýunça hem uly işleriň durýandygy Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda aýratyn bellenilip geçildi .

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda: “Ýakyn ýyllarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň birine öwrülmegi üçin ähli esaslar we mümkinçilikler bar. Häzirki döwürde türkmen döwleti öz halkynyň geljeginiň hatyrasyna ösüşiň şeýle belentliklerine tarap ynamly barýar. Biz bu ugurda işjeň tagallalary ederis” diýip jaýdar nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly şeýle belent maksatlara laýyklykda, Watanymyzy ösdürmegiň geljek döwri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy.

Halk Maslahatynyň mejlisinde garalan esasy bellemeli meseleleriň biri-de hormatly Prezidentimiziň ýaş nesillere bolan beýik ynamydyr. Gahryman Arkadagymyz: “Men ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýärin… Her bir döwletiň beýikligi onuň ýetişdirip, öňe çykaryp bilen nesilleri bilen kesgitlenýär. Şu günki günde döwrebap ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlarymyz ähli ugurda ýüki öz üstüne alýar. Olar milli mirasymyza çuňňur sarpa goýmak bilen, köpugurly we çalt özgerýän häzirki zamananyň ýokary talaplaryna mynasyp hötde gelip bilýändikleri bilen tapawutlanýarlar…Ýaşlar döwletimiziň şu güni we geljegidir. Ýaşlar biziň başyny başlan işlerimizi mynasyp dowam etdirijilerdir” diýip belläp geçmek bilen Watanymyzyň geljegi bolan türkmen ýaşlarynyň öňünde beýik wezipeleriň durýandygyny we olara ýokary derejede bil baglanylýandygyny nygtady.

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Beýik Galkynyşy” eýýamynda öňde goýlan maksatnamalaýyn wezipeler Türkmenistan Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesini has-da belentliklere göterilmegi we halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin niýetlenen beýik işleriň başlangyjydyr. Eziz Diýarymyzy jan-tenimiz bilen söýmek we onuň ösüşlerine özümiziň mynasyp goşandymyzy goşmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr!

Merdan Ýowbasarow

Türkmenistanyñ Mejlisiniň deputaty